SPORT

“Barselona” toparynda täze döwür başlandy

Ispaniýanyň “Barselona” topary 8-nji noýabrynda özüniň täze tälimçisi Hawi Hernandezi köpçülige tanyşdyrdy. Munuň üçin toparyň “Kamp Nou” stadionynda tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.

Täze tälimçi topar bilen ilkinji türgenleşik işini geçirdi. Şeýle hem ol täze düzgünleri ýola goýup, şol düzgünlere ähli toparyň futbolçylarynyň we tälimçi düzüminiň ýerine ýetirmegini talap etdi.

HAWINIŇ DÜZGÜNLERI 

Hawi oýunçylarynyň hökman berjaý etmeli düzgünleriniň doly sanawyny düzdi. Onda aşakdaky maddalar bar:

  • Futbolçylar türgenlişige 1,5 sagat, işgärler bolsa 2 sagat öňündne gelmeli.
  • Ähli futbolçylar toparyň naharhanasyndan iýmitlenmeli.
  • Takyk we berk jerime ulgamy hereket eder.
  • Luis Enrikeniň tälimçilik döwründe ýatyrylan jerime ulgamy dikeldiler we oýunçylary nädogry hereketleri üçin jerime salnar.
  • Gaýtalanan nädogry hereketler üçin pul jerimeleriň möçberi artdyrylar.
  • Futbolçylar futbol duşuşygyna 48 sagat galanda öýlerinde bolmalydyrlar.
  • Türgenleşiklerde futbolçylar öz ukyp-başarnyklaryny 100 göterim görkezmeli bolarlar.
  • Futbolçylaryň futbol duşuşyklaryndan beýleki alyp barýan işleri gözegçilikde saklanar.
  • Futbolçylar serfing ýa-da ata münmek ýaly “töwekgelçilikli” çärelerden gaça durmaly.
  • Futbolçylar klubyň abraýyna zeper ýetirmeli däldir.

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk ýatlanyldy

Ýene-de okaň

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň gymmat futbolçysy

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2025: toparlar düzümlerine üýtgeşmeler girizdiler

Luis Dias “Bawariýa” geçdi

Žoau Feliks “Al-Nasryň” futbolçysy boldy

Türkmenistanyň futbol täzelikleri

Angliýanyň zenanlary Ýewropa çempiony boldy