Hiç hili bahasy ýok hem bolsa, matematikany nolsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Islendik sany nola köpeltseň hem jogaby nol bolýar. Goşmakda we aýyrmakda bolsa hiç hili täsiri ýok. Beýleki ylymlar bilen bir hatarda matematika-da ýüzlerçe ýylyň dowamynda kämilleşdi. Eýsem, bu san haçan peýda bolduka? Noluň ilkinji gezek Miladydan öňki 700-nji ýyllarda Mesopatamiýadaky medeniýetlerde astronomiýa ylmynda ulanylandygyny taryhy çeşmelerden hem görmek bolýar. “0” ýoklugy alamatlandyrýandygy üçin uly ähmiýete eýedir. II asyrda grekler ýoklugy alamatlandyrmak üçin içi boş şekili ulanylypdyr. Ýöne alymlar häzirki wagtda ulanylýan “0” alamatyny ilkinji bolup, hindileriň ulanandygyny aýdýarlar. Gündogar medeniýetinde bolsa noly ilkinji bolup Muhammet ibn Musa al-Horezminiň ulanandygyny görmek bolýar. Meşhur matematik arifmetik amallarda “9” sany bilen bilelikde “0” sanyny hem ulanypdyr. Horezminiň noluň ulanylyşy bilen bagly ýazan kitaplary latyn diline terjime edilip, günbatarly alymlar tarapyndan hem giňden peýdalanylypdyr. Günbatarly alymlaryň noly has soňky asyrlarda ulanyp başlandygyny görmek bolýar. Öňki döwürlerde Ýewropada Rim sifrleri ulanylypdyr. Rim sifrlerinde bolsa nol bolmandyr. Noluň tapylmagy bilen onluk ulgam hem ýüze çykýar. Adatça, sanlar položitel we otrisatel görnüşinde ikä bölünýär. Nol olaryň ikisine hem degişli däl. Şol sebäpli nol diňe bir san hökmünde däl, başlangyç nokady hökmünde hem ulanylýar. Nol oýlanyp tapylmazdan ozal matematiki hasaplamalar örän kyn bolupdyr. Nol sanlaryň hataryna goşulandan soňra, onluk ulgam döredilipdir we hasaplamalar örän aňsat bolupdyr. Noluň tapylmagy matematikadaky iň esasy açyşlaryň biri hasaplanýar.
Atajan Hamraýew
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Birža täzelikleri: Gonkongyň telekeçileri nebit önümlerine isleg bildirdi