SIZDEN GELENLER

Saz diňlemek saglyga peýdaly

Saz diňlemek ynsanyň ruhuny göterýär. Alymlaryň ençeme geçiren barlaglarynyň netijesinden soňra, saz diňlemegiň ynsany fiziki we ruhy taýdan  sagdynlaşdyrýar. Saz diňlemek uky bozulmalaryna, gaýgy, nerwi ulgamyna, beden we beýni rahatsyzlygyna oňaýly täsir edýär. Biz bolsa size, saz diňlemegiň alty peýdasyny ýetirýäris.

Saz diňlemek  aň-düşünjäňi artdyrýar.

ABŞ-nyň uniweristetleriniň birinde 4-6 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasynda bir aýlyk saz diňlemek sapagy geçirilýär. Bu geçirilen barlagyň netijesinde, çagalaryň berilen soraglara dogry we dürs jogap bermegi başaryp bilendigi anyklandy. Saz sapaklaryny alan zenanlar we çagalar kyn test soraglaryny ýeňillik bilen çözüp bilýändigi görüldi.

Saz diňlemek agyrlary diňdirýär.

Dreksel uniweristetinde geçirilen barlaglaryň netijesinde saz diňlemek düwnük keseliniň agyrylaryna gowy täsirini ýetirýänligi anyklandy. Başga bir barlagda bolsa, ýaşy uly, gartaşan adamlara, beden näsazlygyndaky adamlara saz diňlemek bilen agyrlarynyň gowşaýandygyna göz ýetiripdirler. Bu adamlara esasy klassik sazlaryny diňlemek has peýdaly bolar.

Naharlananyňyzda saz diňlemek saglyga peýdaly.

Jorj tehnalogiýa uniweristeti tarapyndan geçirilen barlagda, saz diňläp naharlanan adam artykmaç iýmitlenmeýär we iýýän tagamy has-da lezzetli bolýar. Bedene bolsa, az mukdarda kalorýa barýandygy anyklandy. Eger-de bedeniňiziň agramyny peseltmek isleseňiz, naharlanan pursadyňyzda saz diňläp bilersiňiz.

Saz diňlemek ukyny sazlaýar.

Köpümiz gijeler ukysyzlykdan ejir çekýäris. Saz diňlemek  ukysyzlyga garşy ilkinji ýardamçydyr. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, ýatmazdan 45 minut öň klassik sazlary diňleýän talyplaryň, sesli kitap diňleýänlerden has rahat uky alyp, ertirlerine işjeň ýagdaýda oýanýandyklary anyklandy.

Saz diňlemek nerwi ulgamyňyzy kadalaşdyrýar.

Saz diňlemek we saz gurallary arkaly saz çalmak adamyň nerwi ulgamyny kadalaşdyrýar. Nerwi ulgamynyň işi bozulan ýagdaýynda, saz diňlenilse, adama rahatlyk bermek bilen birlikde, nerwi ulgamynda dörejek dürli keselleriniň hem öňüni alar.

Ulagda wagtyňyz saz diňlemek siziň seresaplylygyňyzy üpjün eder.

Ulag dolandyrýan pursadyňyzda aýdym diňlemegi däl-de saz diňlemegi saýlasaňyz, siz seresaply we has ünsli bolarsyňyz. Islendik adam ulagy dolandyran pursadynda, saz diňlese özüne bolan ynamy, ünslüligi artar.

   

   Muhammetmyradowa Ogulgerek  

      TOHU-nyñ talyby                                                                                                           

                                                                                       

Üns beriň, bäsleşik!

 

                                                                                                        

 

  

Ýene-de okaň

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi