BIZNES

Gyrgyzystan Türkmenistandan elektrik toguny alýar

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistandan elektrik energiýasyny täjirçilik bahasyndan import edýär. Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyk esasynda göz öňünde tutulan elektrik energiýasynyň 60 göterimi Gyrgyz Respublikasy tarapyndan import edildi.

Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň milli energetika holdinginiň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Talaýbek Baýgaziýew gurnan metbugat ýygnagynda habar berdi.

Gyrgyzystanyň “Akçabar” maliýe habarlary boýunça internet neşiriniň habaryna görä, Gyrgyz Respublikasynyň milli energetika holdinginiň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Talaýbek Baýgaziýew 305,8 million kilowat/saagat elektrik energiýasyny satyn alandyklaryny we bu ugurdaky umumy meýilnamanyň 501,9 million kilowat/sagada deňdigini belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Gyrgyz Respublikasy şol bir wagtda Gazagystandan we Özbegistandan hem elektrik toguny satyn alýar. Ýöne, ýakyn wagtda Gazagystanyň elektrik energiýasyny eksport etmegi bes etmeginiň mümkindigi, bu hem ýurtda elektrik toguna bolan islegiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygy bellenildi.

Gyrgyzystanyň Gazagystandan göz öňünde tutulan 120 million kilowat/sagadyň 75,7 millionyny, Özbegistandan bolsa, 100 million kilowat/sagadyň 72,6 millionyny satyn alandygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran ilkinji resmi saparynda güýz-gyş döwründe elektrik energiýasyny ibermek boýunça özara ylalaşyk gazanylypdy.

 

Üns beriň, bäsleşik!

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap suw desgalary açyldy

Demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan «EKSPO-2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar-

Ermenistanyň farmasewtika kompaniýalary Türkmenistana eksportuny artdyrmagy meýilleşdirýär

“TikTok”-yň esaslandyryjy Hytaýyň iň baý adamy

Türkmenistan «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady foruma gatnaşar