BIZNES

Türkmenistanda zenanlaryň ýantorbalary öndürilip başlar

Gökdepäniň gön zawodynyň hünärmenleri teletinden gyz-gelinleriň ýantorbalaryny çykarmagyň üstünde işleýär. Bu ugurda daşary ýurt tejribeleri içgin öwrenilýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu kärhanada şu ýyl iri şahly mallaryň derisinden öndürilen gön 10 million 248 müň manatlyga barabar boldy. Şeýle möçberdäki gön 168 müň jübüt aýakgaba ýetýär.

Kärhana diňe deri eýlemek bilen çäklenmeýär. Çykarylan gönüň bir böleginden, ylaýta-da, ozal önümçilik galyndysy hasap edilen teletin gyýkyndylaryndan indi zawodda täze bölümiň açylmagy bilen, serkerdelere, esgerlere we raýatlara niýetlenilip, dürli görnüşde öndüriljek bilguşaklaryň sany ýylda 6-7 müňe barabar bolar.

Häzir hem döwlet eýeçiligindäki düzümler bilen bir hatarda, telekeçilere gön satýan kärhana geljekde şeýle işi has-da kämilleşdirmekçi. Munuň üçin önümiň özüne düşýän gymmatyny peseldip, hilini ösen isleglere laýyk derejede ýokarlandyrmaly.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Related posts

Aziýanyň ösüş bankyndan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary baha

Telekeçileriň sergisi we maslahaty geçiriler

2020-nji ýylda 283 birža söwdalary amala aşyryldy