TEHNOLOGIÝA

 Welosiped öndürmekde iň öňdebaryjy ýurt

Por­tu­ga­li­ýa we­lo­si­ped ön­dür­mek­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da öňe saý­lan­ýar. Ýew­ro­pa­nyň sta­tis­ti­ka gul­lu­gy «Eu­ros­tat»-yň ha­ba­ry­na gö­rä, ge­çen ýyl bu ýurt­da iki ti­gir­li ulag se­riş­de­le­ri­niň 2,5 mil­li­on­dan gow­ra­gy ön­dü­ri­lip, ola­ryň hem­me­si di­ýen ýa­ly eks­port edi­lip­dir. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, önüm­çi­li­giň hä­zir­ki dep­gi­ni ýur­dy Ita­li­ýa we Ger­ma­ni­ýa ýa­ly esa­sy we­lo­si­ped ön­dü­ri­ji­le­riň ha­ta­ry­na çy­ka­rar.
2018-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa, tak­my­nan, 3 mil­li­on ýew­ro ga­za­nan bol­sa, 2019-njy ýyl­da 50 mil­li­on ýew­ro ga­zan­dy. Bu ga­ty uly ösüş­dir. Ge­çen ýyl pan­de­mi­ýa hem-de önüm­çi­lik üçin ze­rur bo­lan äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­my­zyň ge­lip ýe­tiş­män­di­gi se­bäp­li sa­tuw bel­li bir de­re­je­de aza­lyp, tak­my­nan, 36-37 mil­li­on ýew­ro deň bol­dy – di­ýip, eks­port bo­ýun­ça do­lan­dy­ry­jy Fi­li­pe Mo­ta aýt­dy.
Do­lan­dy­ry­jy­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, bu ýyl kom­pa­ni­ýa has köp gir­de­ji ga­za­nyp bi­ler. Ge­çen ýyl açy­lan za­wod ýyl­da 250 müň we­lo­si­ped ön­dür­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir, ýö­ne kom­pa­ni­ýa da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ze­rur äti­ýaç­lyk­la­ryň ýet­mez­çi­li­gi se­bäp­li mu­nuň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­ny ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, lo­gis­ti­ka me­se­le­le­ri­niň 2023-nji ýy­la çen­li çö­zül­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu we­lo­si­ped önüm­çi­li­gi pu­da­gyn­da iş­le­ýän 8 müň por­tu­ga­li­ýa­ly we­lo­si­ped iş­gä­ri üçin ruh­lan­dy­ry­jy ha­bar­dyr.
Ýew­ro­pa­da­ky iň uly we­lo­si­ped za­wo­dy Por­tu­ga­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Wi­la-No­wa-di-Ga­ýa­da ýer­leş­ýär. Bu ýerde içerki bazar üçin diňe 5%-i ýygnalyp, galan 95%-i, esasan, Fransiýa, Ispaniýa we Polşa ýaly ýurtlara eksport edilýär.

Welosipediň görnüşleri.

Welosipedler hem göz öňünde tutulan ulanylyşyna görä toparlara bölünip bilner. Tigiriň diametrine garamazdan, köçede ulanmak üçin inçe tigirli we has sada gurluşly welosipedlere ýol tigirleri diýilýär.

Hereketlendirijide we batareýada täze tehnologiýalaryň (mysal üçin Ni-MH) kömegi bilen elektrik tigir, ulanylyş aňsatlygyny getirdi. Şonuň üçin welosiped bilen derlemezden has uzak aralyklara baryp bolýar. Mundan başga-da, dyknyşykly ulagda awtoulagda oturmagyň ýerine has erkin, has sosial, sagdyn, has tygşytly we ekologiýa taýdan arassa görnüşi hödürlemegi ýaly sebäpler elektrik tigirini has özüne çekiji etdi.

Iş tigirleri esasanam ýük götermek üçin öndürilýär. Olaryň käbiri 100 kilo ýa-da ondanam köp ýük götermäge ýeterlik derejede güýçlidir. Elektrik hereketlendirijisi bolan welosipedler ýük ýüklenende-de, kynçylyksyz herekete girip bilerler.  Olaryň iki ýa-da üç tigirli modelleri bar.

Eplenip bilinýän welosiped, awtoulag bilen alyp gitmek, uzak syýahat edeniňizde ulanmak üçin aňsatlyk bilen açylyp we münüp bolýan welosipediň bir görnüşidir.

 

Üns beriň, bäsleşik!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar