TEHNOLOGIÝA

Global ýylylyk ukynyň dowamlylygyny azaldar

Alymlar antropogen global ýylylyk sebäpli daşky gurşawyň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň dünýädäki adamlaryň ukusyna ýaramaz täsir edýändigini we dowamlylygyny azaldyp biljekdigini habar berdiler. Bu barada “One Earth” žurnalynda çap edilen makalada habar berilýär.

Bilermenler Antraktidadan başga ähli yklymy öz içine alýan 68 ýurtda 47000-den gowrak ulularyň ukylary baradaky maglumatlary seljerdiler. Alymlar 2099-njy ýyla çenli howanyň temperaturasy optimal çäkden birneme ýokary bolsa, adam başyna ukynyň dowamlylygynyň 50-58 sagat azalmagyna sebäp bolup biler diýen netijä geldiler.

Yssy günler ölümleri we hassahana ýerleşdirilmegini ýokarlandyrýar we adamyň işine zyýan ýetirýär, ýöne bu täsirleriň esasyny düzýän biologiki we özüni alyp baryş mehanizmlerine doly düşünilmeýär.

Mälim bolşy ýaly, yssy günler adamlaryň işe ukyplylygyny ýaramaz täsir edýär.

 

Özbegistanda ikinji Gün stansiýasy işe girizildi

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi