SIZDEN GELENLER

Algebrada näme üçin näbellilik “X” bilen belgilenýär?

Biler bolsaňyz näbelli “X”  kesgitlemesiniň esasy sebäbine düşünmeklik üçin ylym taryhynda 2 müň ýyl yza dolanyp gelmeli bolýar. “X” belgä merkezdäki bir nokatda ýa-da başga bir düşündirişe görä, çäksizlige çenli uzaýan iki setiriň duşuşygy hem diýlipdir. Käbir berilýän maglumatlara görä bolsa, bu belgi IX asyrda Horezmde ýaşan meşhur alym Muhammet al-Horezmi bilen baglydyr diýilýär. Has takygy, bu näbellilik belgisi onuň “al-jabr” işinden gelip çykyp, deňlemeleriň çözgüdine ýardam beripdir.

Ýöne häzirki wagtdaky “X”-li deňlemeler alymyň öz ýaşan döwründe bolmandyr. Onuň ornuny käbir sözler tutupdyr. Mysal üçin näbellilik türkmen dilinde “zat” diýen manyny berýän “şeý” sözi bilen aňladylypdyr.

XII asyrda meşhur alym al-Horezmiň “Al-Jabr wal mukobala” atly meşhur kitaby Ispaniýa çenli baryp ýetip, ol ýerde näbellilik “xei” görnüşinde alynýar. Çünki ispan dilinde “ş” sesi “X” bilen aňladylýar. Wagtyň geçmegi bilen deňlemelerde bu sözüň soňky iki harpy aýrylyp diňe başky harpy – “X” galypdyr.

                                                                                                           Atajan Hamraýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

1-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi