DÜNÝÄ

Ýapon şazada gyzy imperator maşgalasyny terk etdi

Ýaponiýaly şazada gyzy Mako imperator maşgalasyny terk etdi. Ol mirasdüşer şazada Akisinonyň gyzy we häzirki imperator Naruhitonyň ýegençisi.

Ýaponiýanyň “Kyodo” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, şazada gyzy Mako özüniň atasyny we enesi, ozalky imperator Akihito we imperator aýaly Mitikony görmäge bardy. Şazada gyzy atasyna we enesine özüniň nika dabarasy barada maglumat berdi.

Bu duşuşyk şol bir wagtda hoşlaşyk duşuşygy hem boldy. Şazada gyzy Mako durmuşa çykandan soňra imperator maşgalasyny terk edip, Ýaponiýanyň adaty raýatyna öwrülýär.

Mako ozalky imperator Akihito we imperator aýaly Mitikonyň ilkinji agtyklarynyň biridir. 87 ýaşly Mitiko birnäçe gezek ol barada goşgular düzdi. Şazada gyzy hem ýaşlygynda enesine Tokionyň merkezindäki imperator köşgüniň bagynda kömek bererdi.

30 ýaşly Mako we onuň ýanýoldaş hökmünde saýlap alan oglany Keý Komuro 26-njy oktýabrda nikalaşýar. Nika dabarasyndan soňra jübütler metbugat ýygnagyny geçirer. Soňra olar Nýu-Ýork şäherine ýerleşerler. Keý Komuro adwokatlyk edarasynda işe durdy.

Şol bir wagtda Mako resmi taýdan imperator maşgalasyndan aýrylyp, özbaşdak durmuşyna gadam basýar. Ol ýapon imperator maşgalasyndan gidýändigi üçin özüne berilýän 150 million ýen (1,3 million dollar) möçberindäki pul serişdesinden hem ýüz öwürdi.

 

Jordanyň meşhur sport aýakgaby satyldy

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi