JEMGYÝET

Ahal-Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi işe girizildi

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda işe girizilýändigini belledi.

Milli Liderimiz Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energoulgamy taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň bir bitewi energoulgamyny döretmäge mümkinçilik berjekdigini mälim etdi.

Şonuň netijesinde bu taslama girişilendigini bellän milli Liderimiz onuň birinji tapgyrynda Ahal-Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze elektrik geçirijisini gurmagyň meýilleşdirilendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda türkmen gurlukşykçylarynyň bu taslamany üstünlikli durmuşa geçirilendigini bellän hormatly Prezidentimiz geljekde bu taslamanyň Balkan-Daşoguz böleginiň gurluşyk gurnama işlerini dowam edip, ony bir bitewi energoulgamyna birikdirmek işiniň tamamlanjakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýlelikde, her hili howa şertlerinde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün ediljekdigini belledi.

Soňra dabaranyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde iri energiýa taslamasy işe girizildi.

TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA ULGAMYNYŇ GAZANANLARY

Dabaranyň barşynda ýurdumyzyň energetika ulgamynyň gazananlaryna we täze taslamaga bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Şonda bellenilip geçilişi ýaly:

  • “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna“ laýyklykda, soňky 7 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 8 sany kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýalary ulanmaga berildi.
  • Şunuň netijesinde, öňden hereket edýän elektrik stansiýalary bilen birlikde ýurdumyzyň energiýa ulgamynda jemi 12 sany elektrik stansiýays hereket edýär.
  • Ýurdumyzyň elektrik energiýa ulgamyny bir bitewi ulgama birikdirmek üçin halkalaýyn energoulgamy taslamasyny durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtly hyzmatdaşymyz bolan Aziýanyň ösüş bankynyň uzakmöhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna zerur bolan enjamlar, serişdeler hem-de ulag tehnikalary satyn alyndy.
  • Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň çäklerinde Ahal-Balkan, Balkan-Daşoguz we Ahal-Mary ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijiler we podstansiýalar toplumy gurlar.

 

 

Gazagystanyň Prezidentiniň döwlet saparyna

 

Ýene-de okaň

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy