DÜNÝÄ

Özbegistanda prezident saýlawlary

Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre – prezident saýlawlary geçiriler.

Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar – diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi.

Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy.

Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk çäreleriniň görlendigi mälim edildi.

Prezident saýlawlaryna synçy hökmünde 1000-e golaý halkara synçylar topary Özbegistana geldi. Olar GDA, ŞHG, ÝHHG we beýleki halkara guramalarynyň wekillerinden ybarat.

Ýagny, 47 döwletden we  21 halkara  guramadan synçy wekiller bar.

Ýurtda 10760 saýlaw utastogy döredildi. Şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan ýa-da işleýän özbek raýatlarynyň hem ses bermegi üin 49 döwletde 55 saýlaw uçastogy döredildi.

Şeýle hem saýlawlary daşary ýurt metbugatyna gyzgyny bilen ýetirmek üçin 200-den gowrak daşary ýurtly habarçylar hasaba alyndy.

Türkmenistan döwletimizde hem Özbegistan Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynda saýlaw uçastogy döredildi.

Prezident saýlawlaryna ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem dalaşgär görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy