Şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahaty geçiriler. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde berlen hasabata görä, häzir bu iri halkara foruma gatnaşmak üçin 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalaryndan we daşary ýurt banklaryndan wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşmaga isleg bildirýärler.
Forumyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar geçiriler.
Onuň “Pes uglerodly energetika” meselelerine bagyşlanan bölümleriniň biri bolsa, BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisinden teleköpri arkaly guramak meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.