SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabatdan Moskwa 24-nji uçar gatnawy

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýanyň Moskwa şäherine 22-nji oktýabrda nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda bellenilip geçilipdir.

Şu gün “Sibir” (S7) awiakompaniýasy tarapyndan Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça “8536” belgili uçar gatnawyyndan 178 ýolagçy peýdalandy.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde “Sibir” (S7) awiakompaniýasy ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Golaýda, habar berşimiz ýaly, 15-nji oktýabrda şeýle ýörite gatnawyň 23-njisi amala aşyrylypdy.

Bu ýörite uçar gatnawlary dünýäde emele gelen koronawirus ýokanjy sebäpli halkara uçar gatnawlarynyň togtadylmagy bilen 2020-nji ýylyň martyndan bäri amala aşyrylyp gelinýär.

“Sibir” (S7) awiakompaniýasy ýaly, “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem Stambul-Türkmenabat-Stambul hem-de Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

“Türkhowaýollary” kompaniýasy soňky gezek 2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrypdy. Bu kompaniýa tarapyndan şeýle gatnawlaryň ýene-de biri 27-nji oktýabrda göz öňünde tutulýar.

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy