DÜNÝÄ

Bill Geýtsiň gyzy müsürli ýigide durmuşa  çykdy

Bill Geýtsiň uly gyzy Jennifer Geýts müsürli Nail Nassar bilen durmuş gurdy. Nika toýy Geýtsiň Nýu-Ýork ştatyndaky öýünde geçirildi.

“Daily Mail” neşiriniň habaryna görä, toý dabarasy birnäçe gün dowam edipdir. Toýda Geýtsler maşgalasy 2 million dollar sarp etdi. Dabaraly toý üçin jaýyň çäginde ýörite pawilon gurlupdyr we birnäçe ýük awtoulagyna gül sargyt edilipdir.

Toý myhmanlarynyň howpsuzlygyny bir topar goragçylar üpjün etdi. Şeýle hem polisiýa Geýtsiň öýüniň ýerleşýän ýerini gorady.

25 ýaşly Jennifer Geýts we 30 ýaşly Nassar Stenford uniwersitetini tamamladylar. Olar şol ýerde tanyşdylar. 

 

Bilýäňizmi, görüş jedwelini kim oýlap tapdy?

Related posts

Ocak 2019: Açılışlar ve Etkinlikler.

vepa

Iki bilezik 8 million dollara satyldy

2021-nji ýyl: dünýäde ýatda galan wakalar

Ata Watan Eserleri