DÜNÝÄ

Tatarystan BRIKS sammiti üçin taýýar

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde 2024-nji ýylyň esasy syýasy wakalarynyň biri – BRIKS sammiti geçirilýär. 20-den gowrak ýurduň liderleri Kazandaky BRIKS sammitine gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.

Olaryň hatarynda Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bar.

Kazandaky sammit bu guramanyň döwlet baştutanlary derejesindäki 16-njy duşuşygydyr. Bu gurama 2006-njy ýylda döredilip, ol Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrikanyň gysgaldylan görnüşidir.

Bütindünýä bankynyň maglumatyna görä, BRIKS-iň dünýäniň jemi içerki önümindäki satyn alyş paýy 35.7 göterime deň boldy. Bu gurama häzirki wagtda Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika bilen bir hatarda Müsür, Efiopiýam Eýran, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlary öz içine alýar.

Häzirki wagtda 30 döwlet BRIKS guramasyna agza bolmak ýa-da guramanyň çäklerinde hyzmatdaş-döwlet derejesini almak üçin ýüz tutdy. Olar: Azerbaýjan, Alžir, Bangladeş, Bahreýn, Belarus, Boliwiýa, Wenesuela, Wýetnam, Gonduras, Zimbabwe, Indoneziýa, Gazagystan, Kuba, Kuweýt, Marokko, Nigeriýa, Nikaragua, Pakistan, Senegal, Siriýa, Taýland, Türkiýe, Uganda, Çad, Şri- Lanka, Ekwatorial Gwineýa, Eritreýa we Günorta Sudan.

 

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy