SIZDEN GELENLER

Baş kanunym dünýä şöhrat-şanym bar

Biz, Türkmenistanyň halky, öz ykbalymyzy kesgitlemäge bolan mizemez hukugymyza esaslanyp, Watanymyzyň häzirki we geljekki ykbaly üçin jogapkärligimizden ugur alyp, ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine wepalylygymyzy we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edip, milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy maksat edinip, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny Türkmenistanyň Esasy Kanunyny bolan Konstitusiýanyň 8-nji maddasynda görkezilen:”Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy bellenendir. Döwlet, onuň ähli edaralary we wezipeli adamlary hukuk hem konstitution gurluş bilen baglydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny. Onda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň göni hereketi bardyr. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlaryň we gaýry hukuknamalaryň ýuridik güýji ýokdur. Kadalaşdyryjy hukuknamalary kanunda göz öňünde tutulan tertipde döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär ýa-da gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär. Adamlaryň we raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, olar kabul edilen pursadyndan hereket edmeýärler.”

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň her bir raýatynyň, ähli halkynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän parasatly syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda çekilýän zähmet eziz Diýarymyzy ajaýyp zähmet ýeňişlerine, belent sepgitlere ýetirdi.

Mähriban Watanymyzyň ykdysadyýetinde häzirki zaman bazar gatnaşyklaryna geçirmeginiň we raýat jemgyýetiniň gymmatlyklarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň, Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleriniň gözbaşynda ýurdumyzda alnyp barylýan, syýasatynyň, amala aşyrylýan belent işleriniň durýandygyny duýmak buýsançlydyr.

Watana, halka hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezip, eziz Diýarymyzyň aýdyň geljegi we halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda alnyp barylýan, her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän parasatly syýasaty durmuşa geçirmäge goşant goşmak, Watan üçin, halk üçin zähmet çekmegiň we döretmegiň iň gowy nusgalygyny gündelik işiň bilen subut etmek mukaddes işdir.

Şeyle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda bellenşi ýaly:”Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary-Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.”

Türkmenistanda iki palataly parlament ulgamy iki palataly gurluşdan ybaratdyr. Parlamentiň palatalary adatça, guralyş tertibi, düzümi we ygtyýarlylygy babatda bir-birinden tapawutlanýar. Kada boýunça palatalaryň biri ýokarky, beýlekisi bolsa, aşaky bolup durýar. Bu bolsa, kanunlaryň ilki aşaky palatada  kabul edilip, soňra makullamak üçin ýokarky palata ugradylýandygyny aňladýar.

Ýokarky palatanyň agzasy gönüden-göni halk tarapyndan däl-de, häkimýetiň sebit edaralary tarapyndan saýlanýar. Netijede, ýokarky palata ýurduň hökümetine ýakyn bolan garaýşy beýan etmäge ýa-da duýdansyz özgerişlikleriň öňüni almaga gönükdirilendir.

Parlamentiň iki palata bölünmeginiň esasy maksady aşaky palata tarapyndan kabul edilýän kanuny taslamalaryň köp babatda hökümete ýakyn garaýyşlary eýeleýän ýokarky palatanyň makullanmagyna gönükdirilendir.

Türkmenistan häzirki zamanyň çylşyrymly şertlerinde dünýäde asudalygy gorap saklamakda, daşarky gurşawy goramakda, ykdysady, energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşmekde halkara giňişlikde taryhy ähmiýetli ynsanperwer syýasy başlangyçlary ynamly öňe sürýär.

Biziň döwletimiz Bitarlaplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de halkara borçnamalaryndan ugur alyp, ähli meseleleri syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, esasan-da, BMG-nyň we beýleki iri halkara guramalaryň üsti bilen çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtaýar.

Türkmenistan Bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň öz daşary syýasatynyň esasy bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny anyk işleri arkaly subut edip gelýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Biratarp döwletimiz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar ýaşamygy ugrunda geljekde hem ähli tagallary eder.

Ogultäç Rejepowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

 mugallymy. 

2022 Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

 

Ýene-de okaň

Awaza forumy: ählumumy ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Awaza – halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň täze nusgasy

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti