SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym satuwyny iki esse artdyrar

Koronawirus (Covid-19) garşy sanjymlary işläp düzen kompaniýalar “BioNTech / Pfizer” we “Moderna” 2021-nji ýylda satuwyny takmynan iki esse artdyrar.

Öňümizdäki ýyl “Covid-19” sanjym bazarynda has köp sanjym satylyp, täze çaklamalara görä, 93,2 milliard dollar girdeji gazanylar.

“Financial Times” neşiriniň habaryna görä, indiki ýyl “BioNTech / Pfizer” 54,5 milliard dollar, “Moderna” 38,7 milliard dollarlyk “Covid-19” sanjymlaryny satar.

“SWB” maýa goýum bankynyň maglumat analitigi Jeffri Porges “Düzgünleşdiriji guramalar güýçlendiriji dozalary tassyklamak we elýeterli etmek üçin dünýä derejesinde çäre gördüler. Köp ýurtda ýetginjeklere we çagalara sanjym etmek boýunça işler dowam edýär.” diýdi.

Halkara uçar biletleri barada

 

Related posts

Ýaponiýada «sanjym pasporty» talap edilmegi mümkin

Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygy boýunça okuw maksatnamasyny tamamladylar

Hindistan maýmyn mama keseline garşy sanjym taýýarlamagyň üstünde işleýär