SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Germaniýadan hoş habar

Germaniýanyň birnäçe instituty «Covid-19» pandemiýasy üçin sanjymynyň gözleginde ençeme işler alyp barýarlar. Ynha şolaryň biri-de Germaniýanyň Paul-Erlih institutydyr. Institutyň direktory Çiçutek alyp barýan işleriniň ugrukýandygyny şeýle beýan edýär.

— «Soňky hepdelerde alan ilkinji kliniki synag netijelerimiz sanjymlaryň adamlarda belli bir immun täsirini berip biljekdigini görkezdi. Bu hemmämiz üçin hoş habar»-diýdi.

Çiçutek bu ugurda dünýäde 140-150 taslamanyň amala aşyrylandygyny we häzirki wagtda Germaniýada 26 kliniki gözlegiň geçirilýändigini hem aýtdy.

Çiçutek, «ZDF» teleýaýlymynda «Covid-19» epidemiýasyna garşy sanjymlary öndürmek boýunça amala aşyrýan işlerini giňişleýin gürrüň berdi.

 

Related posts

Ada geljek syýahatçylara pul tölener     

Ata Watan Eserleri

1,8 million zyýaratçy hajy boldy

Koronawirus sebäpli Ýewropa serhetlerinde gözegçilik güýçlendirilýär