SIZDEN GELENLER

18-nji oktýabr Bütindünýä süýji güni

18-nji oktýabr bütin dünýäde süýjülere biperwaý bolmadyk her bir adam üçin aýratyn bir gündür. Bütindünýä süýji güni diňe bir halaýan süýjüsini iýmegiň lezzetini inkär edip bilmeýänleriň däl, eýsem bu nepisligiň öndürilmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly birleşdirdi. Süýjüniň öz tagam aýratynlyklary bolup olara: karamel, süýji, şokolad, kofe we ş.m degişlidir. Süýji iýmegiň lezzetini gaty süýji we ýokary kaloriýaly önüm diýip hasaplaýanlar hem bar. Käbirleri üçin süýji, wagtyň geçmegi bilen tagam islegleriniň üýtgemegi bilen birlikde islegli nepislik bolmagyny bes edýär, ýöne süýjä biperwaý çaga ýok!

Süýjüleriň gadymy Müsür döwründe ýüze çykandygy hem çak edilýär. Arap ýa-da gündogar süýjüleri bütin dünýäde meşhur bolup, häzirki güne çenli özüniň meşhur bolmagyny dowam etdirýär. Süýji taýýarlanylanda ilkinji bolup şeker ulanan araplardyr. Dürli hoz we guradylan miweler hem üýtgewsiz bir maddadyr. Russiýada akja şerbeti, bal we beýleki önümler bile süýjüler hem ýasalypdy. Şol döwürlerde ähli süýjüler elde öndürilen önümdi we köplenç hyýalyň, pikiriň we konditer önümleriniň önümine öwrüldi. “Bişirilen, ýasalan”  sözme-söz latyn dilinden terjime edilende “süýji” sözüni aňladýar. Dermanhanalarda  üsgülewük we nerw keselleriniň bejergisi hökmünde süýjüleri hödürlenipdir. Şeýlelik bilen dermanhanalar tarapyndan dolanyşyga girizilen “süýji” adalgasy soňra konditer önümleriniň bir görnüşi bolup aňladyp başlanýar.

20-nji asyryň süýji önümçiligini köpçülikleýin önümçilige öwürdi. Süýjüleriň bahasy has ýokary, ýöne önümiň peýdalylygy, özboluşlylygy ýuwaş-ýuwaşdan oňa has köp janköýerleri özüne çekýär. Konditer önümlerini öndürijiler, önümçilik kompaniýalary, söwda belliginiň eýeleri her ýyl Bütindünýä süýji gününe bagyşlanyp geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga synanyşýarlar. Baýramçylyk  üçin elde ýasalan şokolad ýasamak boýunça festiwallar, karnawallar, sergiler, ussatlyk sapaklary hem uly şowhun bilen geçirilýär. Bu çärelerdäki süýjüler çagalar üçin iň gowy sowgat bolýar. Çünki olar bu nepisligiň iň wepaly muşdaklary bolýarlar.

Atajan Joraýew

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystana sapara çagyryldy

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi