BIZNES

Oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn alnar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriňýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniňnetijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine sürüm we bejergi traktorlary hem-de pagta ýygýan kombaýnlar üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hasabyndaky “John Deere” hem-de “Claas” kysymly sürüm we bejergi traktorlary, şeýle hem “John Deere” kombaýnlary üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny hem-de sarp ediş serişdelerini satyn almak göz öňünde tutulýar.

 

Si Szinpin: hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler