BIZNES

“Nine west” markasy barada maglumat

1978-nji ýylda Nýu Ýorkda gurlan bu markanyň ady gurlan ýeriniň adresidir. “Nine west” markasyny öndüriji Winse Komutodyr. “Nine west” markasy dünýäde 60-dan gowrak döwletde hyzmat edýär.  Marka her görnüşde aýakgap, ýantorba, aksesuarlaryň dürli görnüşlerini öndürýär.

Markanyň ady täsin ýagdaýda ýüze çykýar. Markany döredijiler 1979-njy ýylda has uly ofise,”9west” 57-nji köçä göçüp barýarlar. Şol ýerde hem meşhurlyga ýetirjek markany döretmek hakynda pikir edýärdiler. Olar döreden markalaryna mynasyp at tapyp bilenokdylar. Bir gün Winse Komut ofisiň penjiresinde daş-töwerege seredende “9” ýazylan ýeri gördi. Şol wagtyň özünde hem öz markalaryna “9west” adyny berdiler.

Bu markany önüriji Winse Komuto hakynda gysgaça maglumat bereliň.

Çagalyk ýyllary Nýu Ýorkda geçdi. Mekdebi tamamlandan soňra, zenanlar üçin niýetlenen aksesuarlar, dürli görnüşde aýakgap satmak bilen meşgullandy.

20 ýaşlaryndaka ýörite aýakgaplar dizaýn edip başlady. Ýuwaş-ýuwaşdan meşhurlyga giden ýolda özüni tanatmagy başardy. Şol sebäpli hem “National store” kompaniýasyndan iş teklip aldy.

Jerome Fişer bilen tanşyp “Nine West” markasyny döretmek baradaky pikirleri onuň geljegine ýagty saçdy.  Bu markany döretmeginiň maksady zenanlara iň gowy dizaýnlary elýeter bahada ýetirmekdir.

16-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler