JEMGYÝET

Bäsleşikli söwda: 30 döwlet emlägi hususylaşdyrylar

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň binasynda döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda geçirilýär. Bu gezek hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulan 30 desga bar. Bu barada şu günki türkmen metbugatynda bellenilip geçildi.

Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Su hojalygy komitetiniň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Lebap, Daşoguz hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykaryldy.

Bu gezekki bäsleşikli söwdada satuwa çykaryljak iň gymmat desga, 2018-nji ýylda gurlan Ahal sebitiniň Ak bugdaý sebitindäki ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumydyr. Onuň başlangyç bahasy 60 million 753 müň 603 manat. Innowasiýa toplumynyň umumy meýdany 103,749 inedördül metre barabardyr.

Mümkin bolan alyjylar üçin iň arzan desga, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky Garadaşly bazarydyr. Onuň başlangyç bahasy 17315 manada deňdir.

Ýerli metbugatda bäsleşikli söwdada desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri, desganyň görnüşi (işiniň ugry, gurlan ýyly), binalaryň meýdany (m²), başlangyç bahasy (manat) görkezilipdir.

Bäsleşikli söwda babatda “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň pdf (NT) formatyny hem şu ýerden alyp bilersiňiz.

 

Türkmenistandan Russiýa 23-nji ýörite uçar gatnawy

15-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy