Türkmenistanyň wekiliýeti Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň gatnaşmagynda guralan III Ýewraziýa zenanlar forumynyň işine gatnaşdy. Gibrid görnüşde geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy “Zenanlar: täze döwürdäki ählumumy wezipe” diýlip atlandyryldy. Gün tertibine sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, ekologiýa ugrundaky göreşde, sanlylaşdyrmagy, ykdysadyýeti ösdürmekde hem-de durmuş özgertmelerinde zenanlaryň orny bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
Forumyň işine zenan parlamentariler, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, iri korporasiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we halkara zenanlar hereketiniň görnükli wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň biragyzdan belleýişleri ýaly, bu forum ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parlamentde işleýän beýleki kärdeşleri bilen pikir hem-de tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Milli parlamentimiziň wekilleri “Diplomatiýany, parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmekde zenanlaryň wezipesi” atly umumy mejlisde çykyş edip, foruma gatnaşyjylary ýurdumyzyň dürli ulgamlarda, şol sanda parlamentara gatnaşyklarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, integrasiýa işlerini giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary bilen tanyşdyrdylar.
Foruma gatnaşyjylar tutuş dünýäde howpsuzlygy, durmuş rowaçlygyny üpjün etmek, saglygy goraýşy ösdürmek hem-de ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. 15-nji oktýabra çenli dowam etjek forumyň iş maksatnamasy umumy mejlislerden, strategik mejlislerden, pikir alyşma, şol sanda jemgyýetçilik pikirleriniň liderleri meýdançalaryndan, işewürlik dialoglaryndan, forsaýt mejlislerinden we beýlekilerden ybaratdyr.
14-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama