JEMGYÝET

Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklar boýunça täze teklipler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Igor Makarow işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde berýän goldawy hem-de dürli pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, häzirki döwürde milli ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere ýokary baha berdi.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlar babatda bar bolan kuwwaty we ondan netijeli peýdalanmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Işewür tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň häzirki wagtda energiýa serişdelerini öndürýän döwlet hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda işewür milli Liderimize baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler, şol sanda “ARETI” kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Ol kompaniýanyň gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi.

Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bu taslama gyzyklanmanyň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwaty hem-de bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, degişli hukuk binýady bilen özüne çekijidigini aýtdy. Bularyň ählisi bolsa nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmäge, täze düzümleýin desgalary gurmaga iri serişdeleri netijeli gönükdirmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz holdingiň özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine oňyn çemeleşmesini belläp, islendik taslamany durmuşa geçirmekde iň täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ulanmagyň hem-de ekologik howpsuzlygyň kadalaryny berk berjaý etmegiň potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talapdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işewüre bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

 

13-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy