DÜNÝÄ

Wladimir Putin 69 ýaşady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin şu gün 69 ýaşady. Metbugat gulluklarynyň habaryna görä, ýurduň Prezidenti günüň dowamynda öz işleri bilen meşgullanyp, agşam bolsa öz ýakynlarynyň arasynda bolup, doglan gününi bellär.

Russiýanyň “TASS” habarlar gullugynda Russiýanyň Prezidentiniň gündelik durmuşy, iýmitlenişi we sport bilen meşgullanmagy, hobileri barada maglumat berýän makala çap edilipdir.

Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, ýurduň Prezidenti ertir irden tüwüden ýa-da greçihadan taýýarlanan şüläni iýmegi halaýar. Şeýle hem onuň iýmit sanawynda dorag, bal we gök önümler – pomidor, hyýat we gök otlar bolýar. Käte Putiniň özüniň hem gök önümlerden işdäaçar taýýarlaýan pursatlary bolýandygy mälim edilýär.

– Et bilen balyk arasynda saýlamaly bolanda, men balygy saýlaryn. Etden goýun etini halaýaryn” – diýip, Prezident Putin ozal beren gürrüňlerinde mälim edipdir.

Şeýle hem ol umuman, Altaýdan getirilen otlardan demlenen çaýy içmekden lezzet alýandygyny birnäçe gezek geçirilen köpçülikleýin çärelerde beläp geçipdi.

Mundan başga-da, Wladimir Putin sport bilen hem ýakyndan meşgullanýar. Ol gündelik maşklaryny ýerine ýetirip, suwda ýüzýändigini belleýär. Ol şol birwagtda  sportuň dzýudo we sambo ugurlary boýunça sport ussady hasaplanýar. Putin hokkeý bilen hem meşgullanýar.

– Wladimir Putiniň esasy hobbisi, esasan, taryhy edebiýaty, ýatlamalary okamak” – diýip, onuň metbugat sekretary Dmitriý Peskow belleýär.

Russiýanyň Prezidentiniň gündelik endikleriniň biri hem çyralary söndürmekden ybarat. Ol: “Çyralary açyk goýup bilemok: çykanymda elmydama çyrany öçürýärin” – diýip, belleýär.

Wladimir Putin aýdym-sazdan hem üzňe däl. Ol klassyklary göwy görýär: her gün Rahmaninler, Bah, Bethowen, Mosart we Çaýkowskiýleri diňleýär. Putin fortepýano saz guralyny çalmagy öwrenipdir.

7-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Lukaşenko prezidentlige dalaşgär bolar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Pekin şäherine iş sapary

Türkmenistan bilen Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär

Putin: BRIKS-iň emeli intellekt boýunça alýansyny döretmegi teklip edýärin

2025-nji ýylda Belarusda prezident saýlawlary geçiriler

BRIKS sammiti başlady