DÜNÝÄ

«EKSPO-2020»: Türkmenistanyň Milli güni geçiriler

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guralýan «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinddäki habasata görä, Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilýän gününde Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri bilen ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek, şol sanda birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Şonuň ýaly-da, milli serginiň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi resmi taýdan açyldy. «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine Türkmenistan döwletimiz hem gatnaşýar.

190-dan gowrak döwletiň gatnaşmagynda geçirilýän halkara sergi 182 gün dowam eder. Onuň çäklerinde dünýä döwletleri özüniň innowasion ösüşleri, ykdysadyýetde, tehnikada, ylymda we medeniýetde gazanan üstünliklerini görkezer.

Dubaýda «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi açyldy

 

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy