TEHNOLOGIÝA

“Amazon” kompaniýasy robotyny tanyşdyrdy

ABŞ-nyň “Amazon” kompaniýasy öýde ulanmak üçin robot işläp düzdi we oňa “Astro” diýip at berdi. Bu barada kompaniýanyň harytlary dolandyrmak boýunça wise-prezidenti Çarli Triçler habar berdi.

Robot wideo gözegçilik we howpsuzlyk gözegçiligi üçin ulanylyp bilner, öýüň içinde özbaşdak aýlanyp, otaglary barlap we nätanyşlaryň daş keşbi barada habar berip biler.

“Astro” robotynyň mobil goşundysy arkaly ulanyjylar öýüň içindäki ýagdaýy wideo şekillerini görüp bilerler. Robot kömekçi dürli funksiýalary ýerine ýetirip bilýär, saz eşidip bolýar.

Öý robotynyň başlangyç bahasy 1000 dollar töweregi bolar, soň bolsa kompaniýa ony 1500 dollara çenli artdyrmak isleýär. Robot çäkli mukdarda öndüriler, onuň satuwy şu ýylyň dowamynda ýola goýlar.

Iň uzyn gulakly it

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi