JEMGYÝET

Ýer ýüzüniň ilkinji zenan lukmany

Halkyň garşylygyna garamazdan, ABŞ-niň Ženewa kolležini tamamlan ilkinji zenan lukman diýip taryhda at alan Elizabet Blekuell 1821-nji ýylda Angliýanyň Bristol şäherinde dünýä inýär. 11 ýaşyndaka maşgalasy bilen ABŞ göçüp gidýär.Kakasy ýogalandan soňra lukmançylyk fakultetini okap, lukman bolmagy isleýän Elizabet kakan gapysyndan “ýok” jogaby bilen gaýdyp gelýär. Ahyry 1847-nji ýylda  Ženewa kolležinde talyplyga kabul edilip, ol kolleži birinjilik bilen tamamlaýar. Şol wagtlar oňa lukman bolup işe başlamak başartmaýar, zenan bolanlygy sebäpli ne hassahanalarda iş tapýardy, ne-de jaý alyp hassalara seretmek mümkinçiligini ele alyp bilýärdi. Parižde diplomy kabul edilmän kiçijik hassahanada kömekçi bolup işleýän döwründe, hassalardan kesel ýokuşyp, bir gözüni ýitirýär.

Gaýtadan  Nýu-Ýorka dolanan Elizabet özüne jaý satyn alyp, kiçijik hassahana açýar. Üstünligi bilen halkyň ünsüni çekip, 1857-nji ýylda diňe gyzlaryň okamagy üçin “ Uniwesitet hassahanasyny” açmagy başarýar.  Soňra Florens Naýtingeýl bilen bilelikde “London School of Medicine for Women” mekdebinde şepagat uýalary we lukman ýetişdirmäge başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen ol iş durmuşyndan uzaklaşyp, kitap ýazýar. Elizabet Blekuell 1910-njy ýylda aradan çykdy.

 

Ilkinji kinofilm haçan döräpdir?

Ýene-de okaň

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy