Dünýä meşhur kompaniýalaryň ilkinji gezek bazara çykaran önümleriniň we häzirki ýagdaýynyň arasyndaky tapawutlary, adamlary haýrana galdyrýar. Dünýäniň iň meşhur kompaniýalaryň ilkinji ýyllarynda öndüren önümleri şulardan ybarat …
- “Sony” – Tüwi bişiriji (1946)
Tüwi bişiriji, tehnologiýa ägirdi “Sony” kompaniýasynyň ilkinji tehnologiki önümi hökmünde taryh sahypalarynda öz ornuny aldy.
- “Coca-Cola” (1886)
Ilkinji gezek sirop hökmünde çykan “Coca Cola” gazlandyrylan suw bilen garylyp içildi.
- “Nintendo” – Kart oýny (1889)
Wideo oýunlary barada aýdylanda kellä gelen ilkinji markalaryň biri bolan “Nintendo”-nyň ilkinji döreden oýny kart oýny boldy. Bu oýun Ýaponiýanyň humar zallarynda gaty meşhur boldy. Bu kompaniýa 70-nji ýyllara çenli oýunjakary we kart oýunlaryny öndürdi
- “Apple” – “Apple I Computer” (1976)
“Apple” kompaniýasynyň ilkinji doly elde ýasalan önümi kompýuterdir.
- “BMW” – “BMW IIIa”(1918)
“BMW” kompaniýasy awtoulagdan öň ilkinji gezek uçar dwigatellerini öndürdi. Meşhur awtoulag kompaniýasy tarapyndan işe girizilen suw bilen sowadylan “BMW Illa” uçar hereketlendirijisidir.
- “Lego” – Agaç oýunjak (1923)
“Lego”-ny döredijiniň agaç ussasydygyny bilýärdiňizmi? “Lego” häzirki görnüşini almazdan ozal 20 ýyllap agaç oýnawaç kompaniýasydy.
- “Canon – Kwanon” (1934)
“Kwanon”, Ýaponiýanyň “Canon” kompaniýasy tarapyndan öndürilen ilkinji 35 mm fokus uçar kamerasydyr. Çak edişiňiz ýaly, “Canon”-yň ady ilkinji gezek döredilende “Kwanon” bolupdyr.
- “Lamborghini – Lamborghini Carioc” (1948)
“Lamborghini” kompaniýasy ilkinji gezek döredilende traktorlary we sowadyş ulgamlaryny öndürýärdi. “Lamborghini Carioc” hem söwda kompaniýasy tarapyndan öndürilen ilkinji traktordyr.
- “Nestle” – Çaga iýmiti (1857)
Şokoladlary bilen aňymyzda uly orny eýeleýän “Nestle” markasy ilkinji gezek peýda bolanda, diňe çaga iýmitini öndürýärdi.
- “Toyota – Toyota HA-1” (1946)
“Toyota” kompaniýasynyň öndüren ilkinji önümi tikin maşynydyr.
Saud Arabystanynyň şa maşgalasynyň uçary satuwa çykaryldy