DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Suwanose adasynda wulkan atyldy

17-nji sentýabr güni Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Suwanose adasynda wulkan atyldy. Bu hakda Ýaponiýanyň Milli Meteorologiýa Dolandyryş maglumatlaryna salgylanyp,TASS habar berýär.

Kraterden 1 kilometr radiusda wulkan jynslarynyň atylmagy hasaba alyndy. Seýsmologlar adada wulkan hereketiniň dowam etmek ähtimallygy barada duýduryş berýärler.

Şol sebäpli etrapda 5 ballyk şkaladaky howpuň üçünji derejesi yglan edilendir. Bu bolsa häzirki wagtda ada azyndan 2 kilometr  aralyga çenli ýakynlaşyp bolmaýandygyny aňladýar.

Iň ýakyn oba adadan 4 kilometr uzakda ýerleşendir. Bu ýerde 80 töweregi adam ýaşaýar.

 

Alymlar ömri uzaldýan içgini tapdylar

 

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Gazagystanyň ilçisi wezipesine girişdi

Nýu-Ýorkda Türki Döwletleriň Guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi