BIZNES

Adidas markasynyň döredilmegi

Adolf we dogany Rudolfyň komponiýalary II jahan urşundan soňra ýollaryny aýryp, özleri aýratyn kompaniýanyň eýesi bolýarlar. Biri-birinden öýkeli doganlar Adolf Dassler adidasy döreden bolsa, dogany Rudolf Pumanyň eýesidir. Adidas 1948-nji ýylda Adolf Dassler tarapyndan  Germaniýada döredilipdir..

“Adidas” sözi Adolfyň “Adi” böleginden şeýle-de Dassler familiýasynyň “Das” böleginiň birleşmeginden emele gelendir.

Dürli-dürli logolary bolan adidasyň 3 çyzykly şekili Adolf Dassler tarapyndan dizaýn edilipdir. 3 sany çyzgydan döredilen logoda beýgelen dag şekiliniň berilmegi kynçylyklardan aşyp, ýetilmeli maksatlar görkezilýär.

Adolf hem-de Rudolf doganlar biri-birinden öýkeli ýagdaýda aradan çykýarlar.

Adolf Dassleriň ogly Horst Dassler aradan çykandan soňra 1987-nji ýylda adidas kompaniýasy satylýar.

Adidasyň iň uly garşydaşy Nike markasydyr.

 

 “Lacoste” markasynyň taryhy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler