BIZNES

Hususylaşdyryljak desgalaryň sanawy taýýarlandy

Ýurdumyzyň döwlet eýeçiligini netijeli dolandyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça seljermeler geçirildi.

Häzirki wagta çenli gelip gowşan tekliplere laýyklykda, degişli sanaw taýýarlanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparynyň mejlislerinde degişli desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi. Bu sanawa “Türkmengaz” döwlet konserni boýunça 5 desga, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 3 desga, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 1 desga hem-de Lebap welaýat häkimligi boýunça 1 desga girizildi. Olary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär.

 

 

Multiserwis tory üçin enjamlar satyn alnar

Related posts

100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhana gurlar

Ata Watan Eserleri

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde metjit üçin halkara bäsleşik

Türkmenistanda kalsiý önümçiligi ýola goýlar

Ata Watan Eserleri