BIZNES

Türkmenistan bilen Katar söwda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirer

Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň birinji wise-başlygy Muhammed bin Ahmed bin Twar Al Kuwari  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow we onuň ýanyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşyga Katar Söwda-senagat edarasynyň dolandyryjy geňeşiniň agzasy Dr. Muhammed bin Jawhar Al Muhammed hem gatnaşdy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklary we olary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň we Kataryň söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga, şeýle-de 2010-njy ýylda gol çekilen türkmen-katar bilelikdäki işewürlik geňeşini döretmek baradaky ylalaşygy işjeňleşdirmek boýunça tagallalara seredildi. Geňeşiň maksady iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek we Katar hem-de Türkmenistanyň hususy pudaklaryna ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde has uly rol oýnamaga mümkinçilik bermekdir.

Katar tarapy iki dostlukly ýurduň arasyndaky berk gatnaşyklara ýokary baha berip, öz tarapyndan Türkmenistandaky maýa goýum şertleri we mümkinçilikleri, şeýle hem katarly maýadarlar üçin amatly geljegi uly pudaklar bilen gyzyklanýandygyny aýtdy.

Ol Kataryň Söwda-senagat edarasynyň iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi goldaýandygyny we katarly işewürleri türkmen kärdeşleri bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga höweslendirýändigini tassyklady.

Öz gezeginde, Mergen Gurdow Katar bilen Türkmenistanyň arasyndaky aýratyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp, iki söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürip, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi. Ol şeýle hem katarly işewürleri Türkmenistana baryp görmäge we ol ýerdäki maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr

Baýramalydaky dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine maliýe goldawy berler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler