TEHNOLOGIÝA

“Opel”: täze elektrikli şäher ulagyny öndürdi

Germaniýanyň “Opel” awtoulag kompaniýasy täze kiçi şäher awtoulagyny tanyşdyrdy. Şäherde ulanmak üçin niýetlenen bu ulag 75 kilometre çenli menzil aşmaga ukyplydyr.

Nemes öndürijisiniň dürli reňk görnüşleri bilen satuwa çykarjak ulagynda 5,5 kWt batareýa ýerleşdirilendir.

Batareýalardan başga-da, agramy 425 kilograma deň bolan bu ulagy öýde adaty rozetka bilen 3,5 sagadyň içinde doly zarýad bermek mümkinçiligi hem bar.

8 at güýji bolan ulagyň iň ýokary tizligi 45 kilometre deňdir. Ýewropada 15 ýaşdan uly bolan islendik adamyň ulanmagyna ähli mümkinçilikler döredildi.

Bu ulag şu ýylyň ahyrynda Germaniýada, 2022-nji ýylda bolsa ähli Ýewropa ýurtlarynda satuwa çykarylar.

Ulagyň bahays barada maglumat berilmeýär, ýöne şuňa meňzeş başga kompaniýanyň ulagynyň bahasy 6 müň 900 ýewro deňdir.

 

Türkmen-owgan serhedinde işler bökdençsiz alnyp barylýar

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi