TEHNOLOGIÝA

Jerime salýan “akylly” ýol yşyklary

Moda dünýäsiniň paýtagty hasaplanýan Italiýanyň Milan şäheriniň çatryklarynda ýol hereketiniň düzgünlerini bozýanlary özbaşdak kesgitlemäge we jerime salmaga ukyply “akylly” ýol yşyklary peýda boldy.

“Ýewropuls” neşiriniň habaryna görä, ýol yşyklayrna oturdylan sanly ulgam arkaly gyzyl çyradan geçen ulaglar kesgitlenip, olara jerime salynýar.

Haçan-da, sary yşyk ýananda ýol yşygynda sanly ulgam işläp başlaýar we şol döwürde basmaly däl çyzyklary basan we durmaly wagtynda durman ýoluny dowam edip, ýol hereketiniň düzgünlerini bozan ulaglaryň belgileri kesgitlener.

Şeýle ulgam bilen Milanyň şäher ýolbaşçylary ýol hadysalarynyň öňüni almagy maksat edinýärler.

Moda dünýäsiniň ýüregi hasaplanýan Milan şäherini pyýada ýolagçylaryň we welosipeçileriň şäherine öwürmek göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin hem şäheriň köçeleriniň 35 kilometri pyýada ýolagçylara hem-de welosipedçilere bölünip berildi.

 

 

“Forsaž” filminiň 10-njysy çykar

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar