TEHNOLOGIÝA

“Huawei” kompaniýasy Türkmenistanda sanly telefon ulgamyny giňletmek işine gatnaşar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine welaýatlarda we Aşgabat şäherinde fiksirlenen telefon toruny giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei Teсhnologies Сo., Ltd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Related posts

2020-nji ýylyň iň gowy netbuk kompýuterleri

Tehnologiýa milliarderleri 2022-nji ýyla gowy başlamady

Ata Watan Eserleri

Şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat

Leave a Comment