TEHNOLOGIÝA

Robot it bazary gyzyşýar

Soňky ýyllarda ägirt uly tehnologiýa kompaniýalary robot önümçiligine hem uly maýa goýumlaryny goýýarlar. Bu babatda öňdebaryjylaryň biri hem Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasydyr.

Hytaý tehnologiýa ägirdi “Xiaomi” kompaniýasy “CyberDog” atly dört aýakly robot itini görkezdi. Ozal köplenç “Boston Dynamics” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen  “Spot” robot it barada wagtal-wagtal täzelikler internet neşirlerinde peýda bolýardy.

Olaryň hataryna goşulan “Xiaomi” kompaniýasynyň “CyberDog” atly dört aýakly robot iti  ösen emeli aň bilen köp päsgelçilikleri aňsatlyk bilen ýeňip biler. Daşky gurşawdaky wakalara aňsatlyk bilen düşünýän we şoňa görä özüni alyp barýan it, hiç hili kynçylyksyz eýesiniň buýruklaryny ýerine ýetirip biler.

Sekuntda 3,2 metr tizlik bilen hereket edip bilýän “CyberDog” iti üstündäki datçikleriň kömegi bilen töweregindäki päsgelçilikleri aňsatlyk bilen kesgitleýär we şoňa görä hereket edýär.

“Xiaomi” kompaniýasy, ilkinji nobatda, kompaniýanyň janköýerleri, inženerler we robot höwesjeňleri üçin diňe 1000 sany robot it öndürer.

Hytaý kompaniýasy robotyň satuw bahasyny häzirlikçe 1500 dollar diýip yglan etse-de, çäklendirilen önümçilikden soň bahasy ýokarlanyp biler.

 

Messiniň köýnekçesi: 7 sekuntda 150 müň sargyt

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär