TEHNOLOGIÝA

“Samsung Galaxy S21” smartfonynyň bahasy näçe bolar?

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy 14-nji ýanwarda nobatdaky “Samsung Galaxy S21” akylly telefonyny hödürlär. Her günde bu telefon hakda täze maglumatlar peýda bolup, onuň tanyşdyrylyş dabarasynda sabyrsyzlyk bilen garaşylýarlar.

Golaýda Ýewropada bu telefonyň kamera aýratynlyklary barada hem maglumat berildi. Indi bolsa Belgiýanyň “Voo” telekommunikasiýa kompaniýasynyň saýtynda bu telefonyň Ýewropada satyljak bahalary bilen tötänleýin berildi.

Ýewropada “Samsung Galaxy S21” akylly telefonyň bahasy 849 ýewro, “Samsung Galaxy S21 Plus” telefonyň bahasy bolsa 1049 ýewro we “Samsung Galaxy S21 Ultra” telefonyň bahasy bolsa 1399 ýewro barabar bolar.

“Voo” kompaniýasynyň saýtynda berlen bu maglumat habarnamasy aradan köp wagt geçmänkä saýtdan aýryldy. Ýokarda agzalan ähli telefonlaryň ýady 128 GB bolup durýar. “Samsung” kompaniýasy “Snapdragon 888” enjamlaryny käbir ýurtlar üçin deň bahadan satuwa çykarar.

Täze çykjak telefonlar AMOLED ekran, USB-C birikmesi we Android 11 sistema ulgamy bilen enjamlaşdyrylar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi