SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym bolana 100 dollar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýurtda koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilmegi çaltlandyrmak isleýändigini mälim etdi. Ol ştatlaryň hem-de ýerli dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryndan täze sanjym boljak her bir amerikaly üçin 100 dollar höweslendiriji baýrak bermäge çagyrdy.

ABŞ-nyň Hazyna ministrliginden berlen maglumata görä, mart aýynda koronawirus ýokanjy garşy göreşmek maksady bilen1.9 trillion dollar maliýe serişdelerini gönükdirmek, şol serişdelerden koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak üçin ştatlara 350 milliard dollar bölüp bermek göz öňünde tutulypdy.

Hazyna ministrligi şol maliýe serişdelerinden peýdalanyp, raýatlary sanjym bolmaga höweslendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belleýär. Prezident Baýden sanjym bolanlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen täze sanjym boljak raýatlara 100 dollar bermegi tabşyrdy.

Şol bir wagtda ABŞ-nyň tehnologiýa ägirtleri “Google” we “Facebook” kompaniýalary öz işgärlerinden iş ýerlerine gaýdyp gelmekleri üçin sanjym edilmegini islediler.

 

Tokio-2020: 2 gezek Olimpiýa çempiony boldy

 

Ýene-de okaň

Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi

Ýylyň nika toýy: Jeff Bezos bilen Loren Sançes resmi taýdan öýlendi

Raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanýar

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler

“Pekin – Duşenbe” ugry boýunça ilkinji gatnawyny ýola goýdy