SPORT

Olimpiýa oýunlary üçin çykdajy 15,4 mlrd $

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin Ýaponiýanyň umumy çykdajylary 15,4 milliard dollar boldy. Bu barada “Tokio 2020” oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň baş sekretary Toşiro Muto Halkara Olimpiýa komitetiniň 138-nji mejlisinde aýtdy.

Olimpiýa oýunlary koronawirus pandemiýasy sebäpli bir ýyl yza süýşürildi, ol 23-nji iýuldan 8-nji awgusta çenli dowam eder.

“Olimpiýa oýunlarynyň umumy bahasy Ýaponiýanyň hökümeti we Tokionyň hökümeti tarapyndan 15,4 milliard dollara deň boldy” diýlip bellenildi.

Guramaçylyk komitetiniň baş sekretary Olimpiýa oýunlarynyň bir ýyl yza süýşürilmeginden soňra sport ýaryşynyň býujetine täzeden seredilendigini aýtdy. Olimpiýa oýunlary üçin howpsuz gurşaw döretmek üçin goşmaça 900 million dollar sarp edildi.

 

Türkmen türgenleriniň Tokio Olimpiadasynda çykyş etjek wagtlary

 

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy