DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň diýalogy Türkmenistanda geçiriler

Şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça döredilen Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň diýalogy geçiriler. Bu barada edilýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu çäräniň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan alnyp barylýan gender deňligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän syýasata syn bermek hem-de sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň arasynda durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş, medeni we ylmy ugurlar boýunça köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen gepleşikleri ilerletmek bilen bagly meselelere garamakdan ybaratdyr.

Bu çäre daşary ýurtdan myhmanlar hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Myhmanlar üçin türkmen milli sungatynyň hem-de milli tagamlarynyň sergisi, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelenç guralar.

 

Merkezi Aziýa döwletleriniň Konsultatiw duÅŸuÅŸygy “Awazada” geçiriler

 

 

Ýene-de okaň

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Araş Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert berdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistana sapary