TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda onlaýn dükanlaryň sany artýar

Häzirki wagtda Türkmenistanda tölegli hyzmatlary berýän onlaýn dükanlaryň we saýtlaryň hereket edýän 200-e golaý domen atlary hasaba alyndy. Bu wirtual meýdançalaryň aglabasy paýtagtymyzda işleýär we işini kem-kemden ýurdumyzyň welaýatlaryna hem ýaýbaňlandyrýar. Bu barada “www.tstb.gov.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Ýurdumyzyň iň uly onlaýn dükanlaryndan biri bolan “Ynamdar” ýaňy-ýakynda Maryda we Türkmenbaşyda şahamçalaryny açdy. Bu şäherlerdäki sargytlaryň sany häzirki wagtda bir günde 150-200-e ýetdi. Emma Aşgabatda  bu dükan her gün 3 müňe golaý onlaýn sargytlary kabul edýär.

Türkmenistanyň milli utgaşdyryjy domen merkeziniň statistikasyna  görä, şu gün Türkmenistanda hasaba alnan domen atlarynyň umumy sany 732-e ýetdi.

Türkmenistanda onlaýn söwda hyzmatlary ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly çäklendirmeler girizilenden soň has meşhur boldy. Bu döwürde ýurdumyzda köpüsi hususy firmalara degişli bolan onlarça täze söwda platformasy işläp başlady.

Elektron töleg ulgamlaryň gerimi giňeýär. Indi, “Altyn Asyr” milli töleg ulgamynyň kömegi bilen ulanyjylar, internetde satyn alan zatlarynyň tölegini sargyt wagtynda satyjynyň töleg hyzmaty birikdirlen web sahypasy arkaly amala aşyryp bilerler.

2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky ýagdaýyna göra, Türkmenistanda hyzmatlaryň tölegini tölemek we internetde haryt satyn almak üçin mümkinçilik berýän 4 million 630 müňden gowrak bank karty bar.

 

Balkanabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açyldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy