Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde 15-16-njy iýulda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejeli halkara maslahtyna gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki halkara maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ulag-logistaika, söwda, energetika, önümiçlik, maýa goýum, täzeçil tehnologiýalar we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar.
Şeýle hem maslahata 40-dan gowrak ýurtdan, şol sanda birnäçe halkara guramalaryndan wekilleri gatanaşar.
Onuň dowamynda söwda we ulag, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, sebitleýin howpsuzlyk ugurlary boýunça mejlisler geçiriler.
Merkezi Aziýa-Russiýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy