DÜNÝÄ

Göwher daşy 40 million dollara satyldy

Agramy 39,3 karat bolan iň seýrek duş gelýän gök reňkdäki göwher daşy 40 million dollara satyldy we bu dünýädäki iň gymmat bahaly daşlaryň birine öwrüldi. Bu barada “Blumberg” habarlar gullugy habar berýär.

“Petra Diamonds” kompaniýasy tarapyndan satylan göwher daşyny “De Beers” bilen “Diacore” kompaniýalary tarapyndan döredilen bilelikdäki kärhana satyn aldy.

Bu gymmat bahaly göwher daşy şu ýylyň aprel aýynda Pretoriýanyň 40 kilometr gündogarynda ýerleşýän “Kullinan” käninde gazylyp alyndy. Bu magdan käninden 1905-nji ýylda dünýädäki iň uly göwher daşy agramy 3,106 karat (621,35 gram) bolan “Afrikanyň ýyldyzy” tapylypdy.

Hünärmenleriň pikirine görä, gymmat bahaly gök göwher daşlary örän seýrek tapylýar we şonuň üçin dünýädäki önümçiligiň bary-ýogy 0,1% -ini emele getirýär.

 

ABŞ-nyň ilçihanasyndan möhüm wiza bildirişi

 

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy