Dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri hasaplanýan Lionel Messi Argentina milli ýygyndysy bilen ilkinji kubogyny gazandy. Argentinanyň ýygyndysyna Kopa Amerika ýaryşynda ýeňiji bolmak başartdy.
Messi köp sanly bilermenler tarapyndan Argentinanyň milli ýygyndysy bilen uly ýaryşlarda ýeňiş gazanmaýandygy bilen tankytlanýardy. Ol ahyry şeýle kubogy gazanmagy başardy. 28 ýyldan soňra Argentina uly ýaryşda ýeňiş gazandy.
Kopa Amerika ýaryşynyň finalynda Argentinanyň ýygyndysy Braziliýany 1:0 hasabynda ýeňdi. Argentinanyp ýeke-täk goluny Angel Di Mariýa geçirdi.
Şeýlelikde, Messi üçin bu Argentinanyň ýygyndysy bilen ilkinji kubogydyr. Ol mundan ozal 2008-nji ýyldaky Pekin Olimpiýadasynda ýeňiş gazanypdy.
Messi 2014-nji ýylda dünýä çempionatyndda hem-de Kopa Amerikada 3 gezek finala çykyp hem ýeňiş gazanyp bilmedi.
Messi uly ýaryşlarda 5-nji gezekde Argentinanyň milli ýygyndysy bilen ilkinji kubogyny gazandy. Ol mundan ozal topar düzüminde 35 kubogy gazanypdy. Ol hem “Barselona” topary bilen bolupdy.
MESSINIŇ KUBOKLARY
- Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Kopa Amerika-2021, 2008-nji ýylyň Olimpiadasy hem-de 2005-nji ýyldaky ýaşlaryň dünýä çempionaty.
“BARSELONA” TOPARY BILEN GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI
- 4 gezek Çempionalar ligasy
- 3 gezek klublar dünýä çempionaty
- 3 gezek Ýewropanyň Superkubogy
- 10 gezek Ispaniýanyň çempiony
- 7 gezek Ispaniýanyň kubogy
- 8 gezek Ispaniýanyň Superkubogy
- Umumylykda 38 kubok gazandy.
11-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama