«TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI DERÝAÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Gämi sürüjilik.
2. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
3. Gidromeliorasiýa.
4. Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.
5. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.
6. Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek.
7. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
8. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
9. Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony guramak.
10. Logistikada operasion işi.
11. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak.
12. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.
Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes
bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň
netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2-2,5 ýyl.
Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly — 14-nji
awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan
bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden,harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚
halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 21-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünär: iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi — türkmen dili we
edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy; hünär: jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; hünärler: ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; logistikada operasion işi — matematika, jemgyýeti öwreniş we Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony guramak; kompýuter ulgamlarynda programmirlemek — informatika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga
kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 21,
tel.: 7-44-52, 3-63-63.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
“Makul Terjime” telefony:
+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401
E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com