JEMGYÝET

Aşgabatda yssy howanyň rekordy

Aşgabat şäherinde iýul aýynyň yssy howasynyň rekordy goýuldy. Düýn ýagny 6-njy iýulda Aşgabatda iýul aýynyň iň bir yssy güni bolup geçdi.

“orient.tm” internet neşiriniň habaryna görä, Aşgabadyň meteorologiýa stansiýalarynda  iýul aýy boýunça 130 ýyllyk meteorologik gözegçiligiň taryhynda iň ýokary yssy howa hasaba alyndy.

Şol gün şäherde howanyň ýagdaýy 46,8 derejä ýetdi. Mundan ozal, iýul aýynda şeýle ýokary derejedäki yssy howa 2015-nji ýylda bolupdy we şol ýyl 46 derejä ýetipdi.

Şu günden başlap, ýurdumyzda çendenaşa yssy howalar kem-kemden azalyp başlar. Şenbe güni türkmen paýtagtynda howanyň ýagdaýynyň +33 derejä ýetmegine garaşylýar.

 

Metbugat ulgamynda hyzmatdaÅŸlyk

Related posts

Balkan eyaletinde Soda Külü fabrikası inşa edilecek

vepa

Ýanwar-oktýabr: 61 iri desga ulanmaga berildi

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi

Ata Watan Eserleri