Dünýä ylmynyň ösüşine saldamly goşantlar goşan, Merkezi Aziýada ýaşap geçen alymlaryň biri-de Muhammet al-Horezmidir. Ol Gündogaryň iň ajaýyp, iň beýik alymlarynyň biri saýylmak bilen, takyk ylymlarynyň – matematikanyň, astronomiýanyň kemala gelmegine, ösmegine ägirt uly goşant goşdy.
Muhammet al-Horezmi algebra ylmynyň «atasy» hasap edilip, onuň ady Ýewropadaky häzirki zaman matematika ylmynyň kemala gelmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Onuň arifmetika degişli işleri matematikanyň taryhynda möhüm orun aldy. Al-Horezmi «Hindi hasaby hakda kitap» atly işinde, ilki bilen, hindileriň dokuz san belgisi arkaly islendik sany ýazmak bolýandygyny görkezmek isleýändigini beýan edýär. Ol bu usulyň esasynda sanlary köpeltmek, bölmek, goşmak we aýyrmak amallaryny ýerine ýetirmegiň aňsatdygyny belläp geçýär. Onuň bu işinde ilkinji gezek hindilerde ýüze çykan, ýöne uzak wagtlaryň dowamynda Hindistanyň çäklerinden çykmadyk nol sany ilkinji bolup al-Horezminiň meseleler çözmekde peýdalanmagy, hindi san belgilerini günbatarly alymlara elýeterli etdi. Al-Horezmi tarapyndan ulanyşa girizilen nol sany 250 ýyl soň Ýewropada ulanyp başladylar. Onuñ bu işi, taýýarlan gollanmasy arkaly arap döwletlerine, soňra bolsa Ýewropa ýurtlaryna ýaýraýar. Hasaplaýyş ulgamlarynyň artykmaçlyklaryny görkezmek, düşnükli we sada dilde beýan etmek hem beýik matematik al-Horezminiň paýyna düşýär. Gündelik durmuşda arifmetikadan peýdalanmagyň, ylmy barlaglary geçirmegiň ýollaryny ilkinji bolup görkezen we arifmetikany ulgamlaýyn görnüşde ösdüren beýik matematik al-Horezmidir.
Öz döwrüniň beýik matematigi bolan al-Horezmi diňe bir Gündogaryň ylym dünýäsine däl, eýsem Günbataryň ylym dünýäsine-de uly täsir edipdir. Günbatar matematikleri al-Horezimiň uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň netijesi bolan bu işini matematika ylmynyñ düýp eser hökmünde kabul edipdirler. Gündogaryñ we günbataryñ bilim dünýäsinde ilkinji kämil algebra kitaby hökmünde abraý gazanan bu iş ýewropaly alymlaryň täze ylmy işlerine gönezlik bolupdyr. Ol häzirki ýokary algebranyň ýüze çykmagyna hem oňaýly täsirini ýetiripdir. Matematikanyň taryhyny öwrenýän alymlar beýik alym al-Horezimniň «Algebradan we almukabalydan hasaplamak boýunça gysgaça kitap» atly işiniň Ýewropada ilkinji öwrenilip başlanandygyny, şol döwrüň alymlarynyň ýankitabyna öwrülendigini tassyklaýarlar.
Beýik alymyň ýaşan wagtyndan bäri, on iki asyrdan gowrak wagt geçen hem bolsa, dünýä jemgyýetçiligi onuň galdyryp giden ylmy mirasyna goýýan sarpasy hem-de ony öwrenmeklige bolan islegi ýokarlygyna galýar.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistan pes uglerodly energiýany ösdürmegi goldaýar