SPORT

Tokio-nyň rekordlary: eýranly ilkinji agyr atletikaçy

Ýene-de sanlyja günden badalga aljak sport äleminiň iň uly ýaryşy bolan XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary başlamazdan ozal, ýatda galyjy wakalar baý bolýar. Eýranly agyr atletikaçy zenan türgen ilkinji gezek bu iri sport ýaryşyna gatnaşýar.

“IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Parisa Jahan-Fekrian Eýran Yslam Respublikasynyň adyndan Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjek ilkinji zenan türgen bolar.

Eýranyň Agyr atletika boýunça federasiýasynyň ýolbaşçysy Ali Moradi zenan türgeniň iri sport ýaryşyna görýän taýýarlyklary barada habar berdi. Parisa 78 kilogram agramda çykyş eder.

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde 23-nji iýul-8-nji awgusty aralygynda geçiriler. Oňa 200 döwletden 11 müňe golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Türgenler sportuň 33 ugry boýunça 339 medal gazanmag ugrunda bäsleşerler.

 

Türkmenistan Londonda maýa goýum forumyny geçirer

Ýene-de okaň

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy

Özbegistan 2029-njy ýylda IV Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny kabul eder

Türkmen türgeniniň Aziýa rekordy

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar