SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

30-njy iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 30-njy iýundaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Özüňiziň utanjaňlygyňyzy we duýguçyllygyňyzy ýeňip geçmegi başaryň. Ýyldyzlar hamal erkeklerine finans ýitgileriň bolup biljekdigini duýdurýarlar. Zenan hamallara bolsa täze tanyşlyklar garaşýar. Ýöne onuň uzak wagtlap-dowam etmezligi mümkindir.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Soňa goýan işleriňiz ýa-da borçlaryňyz tizden-tiz ýerine ýetirilmegini talap etmegi mümkin. Saglygyňyza üns beriň. Güýjüňizi we nerwiňizi saklaň. Tögmetden we gepden gorkuň. Ýekelikde gijeki gezelençleri amala aşyrmaň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün ykbalyň garaşylmadyk öwrümleri bolmagy mümkin. Şonuň üçin-de ýagdaýy gözegçilikde saklaň we rahat bolmaga çalşyň. Hut siziň rahatlygyňyz häzirki wagtda duşmanlara garşy iň uly ýarag bolar. Bu gün finans ýagdaýyňyzyň gowulaşmagyna garaşyň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün iş meseläňizde kemçilikleriň bolmagy ähtimal. Esassyz töhmetler ýa-da tankydy bellikler sebäpli siziň çydamlylygyňyz we iň kyn wagtlarda-da gowy işlemek ukybyňyz ýok bolmagy ahmal. Ünsli boluň we hiç hili pikirlenmän hereket etmäň. Köp zat siziň özüňizi saklap bilmegiňize bagly bolar. Utanjaňlygyňyz sebäpli siziň hakyky mynasyp ýeri eýeläp bilmeýän bolmagyňyz ähtimal.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Şu günki täleýnama esetlere arzuwlaryň hem hakykata kybapdaş bolmalydygyny duýdurar. Bu gün siz durmuş barada köp zatlary öwrenersiňiz we adamlaryň erbet taraplaryny görüp bilersiňiz. Geljekki işleriňiziň we başlangyçlaryňyzyň üstünligi siziň özüňizi saklap bilmegiňize we zatlara dogruçyl baha bermegiňize bagly bolar. Töweregiňizdäkilere agressiýany görkezmejek boluň we öz tarapyňyza aýdylýan tankydy bellikleri-de ýüregiňize ýakyn kabul etmäň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Tiz wagtdan çözülmegini talap edýän kynçylyklaryň bolmagy mümkin. Hut şu gün siz şeýle meseleleiň birini çözmeli bolarsyňyz. Durmuş potensialynyň birden peselmegi sebäpli kynçylyklaryň bolmagy ähtimal. Gatnaşýan adamlaryňyzyň sanyny azaldyň, tötänleýin tanyşlyklary amala aşyrmajak boluň. Adamlar bilen has ýakyn gatnaşyklary saklamak, köp gürrüňdeş bolmak erbetliklere-de getirip biler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Aladalar we iş sizi durşy bilen gurşap alar. Ýakyn adamyňyza we çagalaryňyza köp üns beriň. Agyr iýmitlerden we zyýanly içgilerden saklanyň. Saglygyňyza aýratyn üns beriň. Iýmitiňizi nädogry edinmek özüňizi duýuşyňyza erbet täsir eder.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Günüň birinji ýarymy sizi duýgular dünýäsinden hakyky durmuşa getirer. Işe ukyplylygyňyz artar, bu bolsa, abraýyňyzyň artmagyna getirer. Ýoldaşyňyzyň ähli gowy we kem taraplaryny ölçemäge mümkinçiligiňiz bolar. Sizi öz gazanan netijäňize tankydy seredersiňiz we geljege şowly meýilnamalary düzersiňiz. Agşamlyk öýňüzdäkiler bilen kiçeňräk düşünişmezligiň bolmagy we finans meselelerini çözmeli bolmagyňyz ähtimal.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Täjirçilik amallaryndaky töwekgelçilik bilen baglanyşykly duýdansyz we garaşylmadyk çykdajylar ýa-da maliýe ýitgileri maşgala býudjetine ýaramaz täsir eder. Saglygyňyza üns beriň: ýumşak depressiýa, näsazlyk, kelle agyry bolup biler. Tankytlara üns bermezlige çalşyň – günüň negatiw tendensiýalaryny üýtgedip bilmersiňiz, sebäbi bu gün hiç zat size bagly däl.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Şahsy durmuşyňyzda ýalňyşlyklar we lapykeçlikler garaşýar. Özüňizi tankytlaň we ýakynlaryňyza adalatly boluň. Bu gün duýdansyz keýpiň üýtgemegi, agyr düýşler, kellagyry ýa-da zäherlenmek mümkindir. Ýakyn gatnaşyklar meselesinde, ýoldaşyňyza aşa talap etmekden ýa-da ýokary baha tölenmeli töwekgelçilikli hereketlerden gaça durmaly.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Şu günki goroskop  daluwlara sabyrly we dogruçyl bolmagy maslahat berýär – planetalaryň amatsyz ýerleşmegi hünär işjeňliginde dürli kynçylyklara sebäp bolup biler. Günüň wakalary isleýşiňiz ýaly bolup bilmez: garaşylmadyk maliýe çykdajylary ýa-da ýakyn adamyňyz bilen gatnaşykda düşünişmezlikler bolmagy mümkin.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Öňünden pikirlenilip edilen hereket size uly üstünlik getirip biler. Şahsy durmuşyňyza haýsydyr bir düzediş girizmek islegiňiziň bolmagy mümkin. Ýöne howlukmaň – iň soňky minutda ähli zat üýtgäp biler. Aň bilen ýüregiň ýakyn baglanyşygy, ajaýyp duýgurlyk özüňe we töweregiňdäki adamlara dogry baha bermäge kömek eder. Köne söýginiň täzelenmegi ähtimal. Seresaplylyk we paýhaslylyk köp ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek eder.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/yewro-2020-fransiya-hem-oyune-dolandy/

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama